TÄSIN ARZUWLY ÇAGALAR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hem-de etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Täsin arzuwly çagalar» ady bilen goşgulary çeper okamak boýunça bäsleşik geçirildi.

Çekeleşikli geçen bäsleşigiň dowamynda işjeň gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çagalaryň dynç alyş günlerini has hem gyzykly we täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen merkezde döredijilik we sport gurnaklary hereket edip, dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.

Saparmyrat GURBANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

23 Iýul 2025 | 28 okalan

TÄSIN ARZUWLY ÇAGALAR

23 Iýul 2025 | 9 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI