SADAKA

Gadym döwürlerde biz ýaly bir adam bolupdyr. Dogry ol bize garanyňda has akyllydyr, ýöne edýän hereketleri biziňkä çalymdaş bolansoň, özümiz ýaly biri göz öňüňe geläýýär. Ol ýiten-ýitiren zadyny, azaşan malyny her gezek Hudaýyň ýoluna sadaka aýdar eken. Günler aşyp, nesibesi dartyp, ýene-de şol zadyny tapaýsa, gözüni

dikip oturan zady alnyna gelen ýaly guwana-guwana garbap alar eken. Ana onsoň bir gün bu bendäniň kazasy dolýar. Perişdeler ony alyp gidip, jennetiň gapysyndan jykladýarlar «Ine, şu jennet» diýip, onuň bäri gyrasyndan bir künjüni görkezýärler. Ol adam jennetiň gyrasyny görenine monça bolýar, tamakinlik bilen aňyrlaryna göz aýlaýar. Şol pursat perişdeler ony dowzaha süýräp başlaýarlar. Ol bende rejäniň gowy däldigini duýýar. «Saklanyň, meni nirä alyp barýaňyz? Men Hudaýyň ýoluna günde-günaşa sadaka aýdýardym. Heý-de şolaryň sogaby bilen jennetiň töründen orun tapyp bilmerinmi?» diýip soraýar. Perişdeler oňa: «Hawa, sen öz ýitiren zadyňy, iýdiren hakyňy Hudaýyň ýoluna sadaka aýdýardyň. Soňam, tapan wagtyň ony yzyna alýardyň. Entegem Allatagala saňa geçirimlilik etdi. Şoňa görä-debiz aýdan sadakalaryň üçin-ä jennetiň gapysyndan jyklatdyk, soňra olary yzyna alandygyň üçin hem, seni yzyňa-dowzaha alyp barýarys» diýipdirler.

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Öňki makala

ARASYNDA DYNÇ HEM AL…

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 14 okalan

SADAKA

10 Iýul 2025 | 59 okalan

ARASYNDA DYNÇ HEM AL…