MÄHRIBAN OKYJYM!
Taryh bir aýlanyp duran çarhypelek mysaly. Onuň tigri halklaryň ykballaryna nuram ýagdyrypdy, garam. Müňýyllyklar dünýädäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenlere beýik şöhrat-şany, eşretli ýaşaýşy, bagtyýarlygy – sowulmaz nury bagyş etdi.
Beýik Perwerdigär türkmene şanly ykbal, sowulmaz döwran, tükenmez paýhas- parasat, baky bagtyýarlyk eçildi. Irki hekaýatlaryň birinde bu barada şeýle diýilýär. Orta asyrlarda ençeme yklymlary özlerine boýun egdiren, baran ilinde agzybirligi, dost-doganlygy, gülläp ösüşi rowaçlandyran türkmenleriň ykbaly, taryhy ýoly arap halyflarynyň birini gyzyklandyrypdyr. Ol danyşment-ulamalary, dana wezirlerini jemläp: «Türkmenleriň dowamly hökmurowanlygynyň hikmeti nämede? Olar baran ýerinde derrew ornaşýar, ýerli halk bilen dessine dil tapyşýar.
Edeni ugruna, islegi-arzuwy wysal bolýar. ýürekleri şiriňki ýaly batyr, serleri mydama ruhubelent... – bularyň syry nämede?
Olar barada kimden nähili gürrüň eşiden bolsaňyz, ählisini jemläp getiriň, okaýyn, öwreneýin, düşüneýin» diýipdir.
Weziriň baştutanlygynda alym-danyşmentler döwrüň iri-iri kitaplahanalaryndan maglumat toplamaga girişýärler. Baş wezir dünyäniň habaryny ülkelere ýaýýan jahankeşde söwdagärlere, kyssaçy-rawylara öz bilýän maglumatlaryny halyfyň huzyryna ugratmagy tabşyrýar. Netijede ýygnanan maglumatlar onlarca kitaby emele getirýär. Alymlar küt-küt kitaplaryň içinden maglumatlaryň takygyndan-takygyny saýlap, türkmeniň artykmalygyny Suratlandyrýan on sebäbi halyfyň dykgatyna ýetirmek üçin taýýarlapdyrlar.
«Öran ajap iş etdiňiz. Şol on sebäbiň maňzyna düşünsem, onda men türkmenleriň tapawutly taraplaryna has aýdyň göz ýetirerin» diýip halyf alymlara hoşallyk bildiripdir. Soňra baş wezire garap: «Ýogsa-da, munça wagtlap bu ýazgylary senden gowy öwrenen başga biri ýok, hany sen aýt, türkmenleriň beýle ykbally halk bolmagynyň syry, hikmeti nämede eken? diýip sorapdyr. «Şany şöhraty beýik halyfymyz, onuň birnäçe sebäbi, anyk subutnamasy bar, emma ýekejesini ýatlasam hem ýeterlik bolar. Türkmenler aslynda ýeňmek, üstün çykmak, gurmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan halk». Muny pygamberiň hadyslaram, taryhy kyssalar hem tassyklaýar. Ymmatyň ussat alymlary, ulamalary, hökümdarlary, serkerdeleri hem şolaryň neslinden çykar diýilýär. Olar ot, suw, ýel ýaly tebigy güýçlerden soňra, hökümi rowan iň güýçli gerçekler hökmünde ýatlanylýar. Agzybirlige per berseler, ýeňmek, üstün çykmak, beýik bolmak olaryň ykbaly. Bu ýerde başga syr ýok» diýip jogap beripdir. Ygtybarly we ynandyryjy jogapdan hoşal bolan halyf wezire garap: «Ähli toplan ýazgylaryňy bir ýere jemläp, kitap ýaz. Goý, biziň nesil-neberelerimiz hem türkmeniň şanly ykbalyny öwrensin, guwansyn, nusga alsyn, olara meňzejek bolsun» diýip tabşyrypdyr.