SAGDYN ÝAŞLAR BAGTYÝARLYK DÖWRÜMIZIŇ AÝNASYDYR

Tejen etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli Gyzylýarymaý jemgyýetiniň hem-de TMÝG-nyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen Dikeldiş merkeziniň mejlisler jaýynda Sagdyn durmuş ýörelgelerini, arassa ahlaklylygy, ynsanperwerligi, ruhy tämizligi, milli watansöýüjiligi, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan agraslygy, asyllylygy wagyz-nesihat etmek, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden, ýüz çykýan nogsanlyklardan, jemgyýetçilik ýerlerinde bidüzgünçiligi ýüze çykarýan hereketlerden daşda durmaklaryny düşündirmek maksady bilen «Sagdyn ýaşlar bagtyýarlyk döwrümiziň aýnasydyr» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary, Tejen etrap häkimliginiň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we saglyk ulgamynda zähmet çekýän işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň asuda, abadan durmuşy ündeýän, adyllyga ýugrulan ynsanperwer syýasatlarynyň, ýaşlar barada edýän ýadawsyz aladalarynyň netijesinde ähli mümkinçilikleri bolan döwrabap enjamlar bilen enjamlaşdyrlan sport desgalarynyň bilim ojaklarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi bilen ýaşlaryň ylymly, bilimli, döwrebap adamlar bolup ýetişmekleri, ýaş nesilleriň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap, ýaşlary ýaramaz endiklerden daşda durmaga, hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerini eýerip, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklige çagyrdylar. Şeýle-de çykyşlarda ýaramaz endikleriň adam saglygyna, nesil terbiýesine ýetirýän zyýanlary barada birin-birin durlup geçildi we ýaşlara edep-terbiýelilik, arassa ahlaklylyk häsiýetleri ündeldi. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn ýaşaýşy berkarar etmek, halkymyzy asuda bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Aýnagözel ANNAMYRADOWA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň Sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar