Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi Daşoguz şäher häkimliginiň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda ýaşlarda watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk we zähmetsöýerlik häsiýetlerini kemala getirmek şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerini giňden wagyz etmek maksady bilen «Saglykdyr başlaryň täji» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Wagyz-nesihat çäresinde TMÝG-niň Şabat etrap Geňeşiniň wekilleri çykyş etdiler. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydygyny, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamy ýaramaz endiklerden saplaýar diýip belläp geçdiler. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Farruh HAÝYTOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň başlygy.