MILLI MIRASYMYZ ÝAŞLARA NUSGALYK MEKDEP

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Daşoguz welaýat we Akdepe etrap Geňeşleri, Akdepe etrap häkimligi bilen bilelikde Akdepe etrap medeniýet merkezinde ene-mamalarymyzdan gelýän milli el işlerine däp-dessurlaryna söýgi döretmek maksady bilen ýaş-gelin gyzlaryň gatnaşmaklarynda «Milli mirasymyz ýaşlara nusgalyk mekdep» atly gelin-gyzlaryň el işleriniň sergisini geçirdi. Çärä TMÝG-nyň wekilleri işjeň zenanlary gatnaşdylar. Sergide ene-mamalarymyzdan miras galan birnäçe el-işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy milli keşdeçilik sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy bagtyýar zenanlarymyzy has-da buýsandyrdy we bu ajaýyp sungatymyza ýaşlarada söýgi döretmek maksady bilen geçirilýän şeýle çäreleriň ähmiýetiniň has-da ulydygy barada bellediler we milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy ýaşlara öwretmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz Geňeşiniň

umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

07 Iýul 2025 | 6 okalan

ÝAŞ ZEHINLER SAÝLANÝAR

07 Iýul 2025 | 5 okalan

SAGLYKDYR BAŞLARYŇ TÄJI