«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Görogly etrabyndaky galla önümleri kärhanasynda täze hasyldan öndürilýän unuň möçberi barha artýar. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, 2025-nji ýylyň alty aýynda dürli görnüşli unuň 19 müň tonna golaýy öndürildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde degişli döwürde öndürilen çörek we çörek önümleriniň möçberi 315 tonna barabar bolup, önümçiligiň bu ugry boýunça 107 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Kärhanada degişli döwrüň içinde jemi 38 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi.
Gije-gündiziň dowamynda 200 tonna bugdaýy gaýtadan işlemek, ondan 150 tonna ak un öndürmek, şeýle-de ýanaşyk gurlan elewatorda 50 müň tonna dänäni saklamak kuwwatyna eýe bolan kärhanada işçi-hünärmenleriň 400-e golaýy zähmet çekýär.
Häzirki wagtda şu ýylyň täze hasylyndan ýokary hem birinji hilli un öndürilýär, çörek bişirilip, ilata ýetirilýär diýlip, habarda bellenilýär.
turkmenportal