Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlarynyň 14-sine TKT (“Teaching Knowledge Test”) halkara synagyny üstünlikli tabşyrandyklary hakynda Kembrij nusgasynyň resmi güwänamalary gowşuryldy.
Ýanwar-mart aýy aralygynda türkmen mugallymlary üçin Britan Geňeşiniň we Nottingem Trent (Beýik Britaniýa) uniwersitetiniň goldamagynda durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada iňlis diliniň depginli okadylyşy” (“AELLCA”) taslamasynyň çäklerinde iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usulyýetleri boýunça deslapky çuňlaşdyrylan onlaýn-okuwlar guraldy. Okuwlar Britan uniwersitetiniň hünärmenleri Stiw Şarpyň hem-de doktor Sem Barkliniň ýolbaşçylygynda geçirildi.
TKT modul häsiýetli mugallymçylyk güwänamalarynyň toplumy bolup, iňlis diliniň okadylyşynyň kesgitlenilen ugurlary boýunça bilimleri barlaýar. Hususan-da, ol diliň gurluşy we okatmagyň esaslary hem-de okuw serişdeleriniň ulanylyşy, okatmak we bilim bermek işiniň dolandyrylyşy barada bilimlere baha berýär.
TKT güwänamasy hünär derejesiniň hem-de iňlis diline erk edip bilmegiň halkara möçberinde ykrar edilen tassyknamasy bolup durýar.
turkmenistan.gov.tm