Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda 2115 harby bölüminde gulluk edýän esgerleriň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy özgertmelerini we beýik ösüşlerini giňden wagyz etmek maksady bilen «Ynama wepaly ýaşlar» atly wagyz–nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşler, dünýä jemgyýetçiligi bilen Türkmenistan döwletimiziň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ygtybarly ugurlary, ýaşlaryň jemgyýetçilik orny, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirilmegi, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny durmuşa ornaşdyrmakda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işleriniň geçirilmegi we güýçlendirilmegi babatda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin nygtap geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.