MAŞGALAM — BAŞ GALAM

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat hem-de Balkanabat şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak maksady bilen, «Maşgalam — baş galam» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler maşgala mukaddesligi, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemekde maşgalanyň eýeleýän orny dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Iýul 2025 | 4 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 4 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP

07 Iýul 2025 | 4 okalan

MAŞGALAM — BAŞ GALAM