Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň sport bilen meşgullanmagy, asuda durmuşda abadan ýaşamagy hem-de göwnejaý dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Golaýda körpeleriň tomusky dynç alyş günlerini şatlykly, şowhunly we gyzgalaňly geçirmegini üpjün etmek maksady bilen Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Bagtly edýär bütin nesli, Arkadagly Serdarymyz» ady bilen sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Çekeleşikli geçen sport bäsleşiginde çagalar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler, şeýle hem oňa gatnaşan ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.