Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Berkarar Watanymyzy, beýik döwrümizi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar, şowhunly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, sergilerdir maslahatlar, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär. Sagaldyş we dynç alyş merkezlerde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, el iş gurnaklary, teatr, şekillendiriş otaglary, kitaphanalar hereket edýär.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirilip, işjeň gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Umyt BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň başlygy.