GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

Halkymyzda ynsap adamkärçiligiň iň gymmatly ölçegi hasap edilýär. Ene-atadan nesle miras geçýän iň asylly gymmatlyk ynsapdyr. Adamyň iň ýakynlary hem-de mähribanlary ynsap ölçegine deňelýär. Türkmençilikde ata-ene mertebäň, gaýratyň, merdanalygyň ýaly beýiklikdir. Haçanda sen uly bir işi berjaý etmegi özüňe maksat edineniňde, ilkinji nobatda, göz öňüňde ata-enäniň keşbi janlanýar. Ata-ene ýagşy işlerde saňa ruhy hemaýat berýär. Has içgin teswirlenilende, adamyň ýüreginiň suwlulygy, onuň janynyň rahatlygy ata-enededir. Adamyň durmuşynyň iň arzyly pursatlary olar bilen bagly. Mähriban eje diýen sözüň bedene gurbat berýändigi üçinem sen uly işleri öz öňüňde maksat edinip goýýarsyň. Şonda nireden adama güýç gelýändigine haýran galaýmalydyr. Şuny duýýandygy üçinem adam bagtlydyr, ömrüň şol günleriniň bahasyzdygyny hemişe unutmazlyga çalyşmaly.

Öňki makala

ARASYNDA DEMIŇI DÜRSE!

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 4 okalan

ARASYNDA DEMIŇI DÜRSE!

24 Iýun 2025 | 44 okalan

YBADATHON