YBADATHON

Bir gezek meşhur sopy akyldarlaryň biri Mäne babanyň ýoly goňşy obanyň üstünden düşüpdir. «Hezreti pir, biziň obamyzda-da örän takwa we ybadathon biri bar. Gije-gündiz namaz okaýar, oraza tutýar. Ybadatdan aýrylanok» diýip, adamlar öz obadaşlary hakda biri- birinden öňürdip gürrüň bermäge durupdyrlar. Taňrynyň ybadatyna yhlasly bendesini görmek islegi Mäne babany onuň bosagasyndan eltipdir. «Tüweleme, ybadaty birkemsiz ýerine ýetirýändigiňi aýtdylar. Ýöne meni bir sowal gyzyklandyrýar. Gije-gündiz tagat-ybadata meşgul bolup otursaň, sen nädip eklenýäň? Gündelik rysgyňy, azyk-owkadyňy neneňsi gazanýaň?» diýipdir. «Meniň bir söwdagär agam bar, tüçjar baý, meni şol ekleýär. Tüweleme, zor ol, zada zar edenok, men bolsa diňe ybadata meşgul. Başga iş edemok» diýipdir. Mäne baba oňa: «Agaň senden has ybadathon eken. Uzak gün eglip-galmak ýa-da ýylboýy agyz beklemek Taňra gullugyň ýüzden birine barabar. Halal gazanç, maşgala eklemek bolsa, ybadatyň gylla ýarpysyna deňdir. Saňa-da maslahat, kär-hünär öwren we ybadaty zähmet bilen utgaşdyr» diýipdir.

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 0 okalan

YBADATHON