PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK – TÜRKMENIŇ MILLI ÝÖRELGESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň bagtyýar halky bu günki günde täze üstünliklere eýe bolýar. Şanly ýylyň beýik üstünlikleri bagtdan paýly, päk zähmetden serpaýly ildeşlerimiziň kalbynda ýokary ruhubelentlik döredýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan döwletimiziň sebitde öňe sürýän ýörelgeleriniň biri hem parahatçylykdyr. Parahatçylyk sebitde we dünýäde durnukly ösüşi. Hoşniýetli hyzmatdaşlygy üpjün edýär. Bu bolsa islendik ýurduň ösüşinde parahatçylygyň, abadançylygyň örän möhüm ornunyň bardygyny aýdyň beýan edýär.

Dünýäde parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän beýik ýörelgämiz bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly belleniljek ýyly bolan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrmagy ählimizi çäksiz buýsandyrýar. Çünki, parahatçylyk, ynanyşmak adamzat üçin iň zerur gymmatlykdyr. Ösüşleriň belentliklerine çykan Garaşsyz, hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň aňyrsynda ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň pugta esasynyň durandygyny duýmak göwünlere ganat berýär. Ol halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Agzybirligiň gülläp ösýän ýerinde köňüller, ýürekler birdir, dost-doganlygyň rowaçlanýan ýerinde dünýä halklarynyň birek-birege ýakynlaşmasy we doganlyk gatnaşyklarynyň berk hem-de beýik binýady bardyr.

Agzybir türkmen halky döwlet Baştutanymyzyň daşyna pugta jebisleşip, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp eýýamynyň egsilmez eşretlerini görýär. Bu günki gün bu ynsanperwer syýasatyň mizemez güýji dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek maksadyna hem hyzmat edýär. Taryshyň her döwründe halkymyzyň asudalygy, abadançylygy dörediji, agzybirligi, parahatçylygy goraýjy milletdigi örboýuna galýar. Agzybirlik, parahatçylyk söýüjilik, her dürli meseleleri ylalaşyk arkaly çözmek ýaly ynsanperwer ýörelgeler halkymyzyň «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarynyň we nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň mazmunyndan hem eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserlerinde bu milli nusgalar Watan mukaddesligi, Garaşsyzlyk gudraty, Bitaraplyk bagty, halkymyzyň milli gymmatlyklary, döwletlilik ýörelgeleri ýaly mukaddes garaýyşlar bilen sazlaşyp, çeper beýan edilýär.

Bu gün Türkmenistan döwletimiz öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak bilen bagly toplan gymmatly syýasy tejribesiniň bütin adamzat üçin örän ähmiýetlidigini ýene bir gezek mälim edýär. Il arasynda «Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr» diýen ajaýyp aýtgy bar. Şeýle sözlerden ruhlanýan bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir güni, her bir pursaty taryhy wakalara, şatlykly senelere beslenýär.          

Bütin yklymy parahat we bir-birege ynanyşmak arkaly ýaşamaga çagyrýan döwletli Diýarymyz üstümizdäki ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen bagtyýar halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýyny uludan toýlar. Biz hem taryha şöhrat-şan goşjak täze, 2025-nji ýylyň şygaryndan ruhlanyp, şanly ýylda döredijilikli zähmet çekip, ösüp gelýän ýaş nesilleri beýik döwrümiziň ruhunda terbiýelemekde, olary il-günümize mynasyp kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Bagtyýar halkymyzyň ýürek sesini duýup, arzuwlaryny hasyl edýän, ýaşlarymyzyň okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ählitaraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Laçyn AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar