2-nji iýunda her ýylky asylly däbe görä, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli paýtagtda tomaşasy hemişe şadyýanlyk döredýän uly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Paýtagtyň «Mekan» köşgünde çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine gitmäge taýýarlanýan ýurduň ähli ýerlerinden gelen çagalar üçin ajaýyp we uly baýramçylyk guraldy. Bu ýerde çagalaryň döredijilik sergisi ýaýbaňlandyryldy, şeýle hem olar ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda we tanslarynda ajaýyp zehinlerini görkezdiler. Wakanyň esasy gahrymanlary üçin ýurduň döredijilik toparlary owadan konsert çykyşlaryny taýýarladylar, şol çykyşlar bu ýere jemlenenleriň ählisine şatlyk bagyş etdi.
Uly ýaşly nesliň wekilleri – çagalary dynç alyşa ugradýan terbiýeçiler, ata-eneler, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri olara ak ýol, wagtlaryny ajaýyp geçirmeklerini hem-de uly ruhubelentlik arzuw etdiler.
Soňra köşgüň öňündäki owadan bezelen meýdançada çagalaryň ýurdumyzyň ajaýyp tebigy künjeklerinde ýerleşen çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine dabaraly ugradylyşy boldy. Köp dürli owadan şarlar we toý baglary bilen bezelen içine çagalar münen awtobuslaryň hatar-hatar kerweni tomus möwsüminiň ýatdan çykmajak hem-de uzak garaşdyran şatlykly dynç alyşy bilen duşuşyga tarap ýola düşdi.
Köpetdagyň etegindäki Gökderede ýerleşen iň döwrebap çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem ýurduň welaýatlarynda çagalaryň mynasyp dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri, tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin hemme zerur şertler döredildi.
Ýurduň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri ösüp gelýän nesilleriň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Tomsuň gelmegi bilen bu merkezlere köp okuwçylar sabyrsyzlyk bilen barmaga ymtylýarlar. Sagaldyş-dynç alyş merkezleri çagalar üçin tomusky dynç alyşy geçirmegiň halanylýan we özüne çekiji ýerlerine öwrüldi.
Tomusky dynç alyş döwründe Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň işi üç tapgyrda guralyp, şol tapgyrlaryň hersi 20 gün dowam eder. Her tapgyrda bu ýerde tutuş ýurtdan çagalaryň 7145-si dynç almaga gelerler.
Türkmenistanyň welaýatlaryndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri hem hersi 20 günden ybarat bolan 3 tapgyrda işlär. Şol merkezlerde her tapgyrda ýurduň mekdep okuwçylarynyň 1500-si üçin dynç alyş guralar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşen çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri çagalary 4 tapgyrda (hersi 10 günden) kabul eder. Hazaryň kenaryndaky merkezler her tapgyrda tutuş ýurtdan 1783 sany okuwçyny kabul eder.
Tomus möwsüminiň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanynda çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyşyny geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ýörite utgaşdyryjy topar hereket eder.
Ministrliklerden we jemgyýetçilik guramalardan gelip gowşan teklipleriň esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri üçin medeni-köpçülikleýin, dynç alyş we sport-sagaldyş çäreleriniň toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlady. Şolaryň maksady çagalar üçin tomusky dynç alyşyň her gününiň şatlykly we mazmunly geçmegini gazanmakdan ybaratdyr. Çagalara gyzykly gezelençler, sergiler, sport ýaryşlary, bilim artdyryş we döredijilik duşuşyklary, konsertler garaşýar. Bu çäreler dynç alýanlara hökman egsilmez şatlykly duýgulary hem-de ajaýyp täsirleri bagyş eder.
turkmenistan.gov.tm