2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň başlanany ýaňy bolsa-da, eýýäm onuň birinji tapgyrynda ähmiýeti boýunça ikinji topar kubogy ugrundaky bäsleşik başlandy.
Muňa ilkinji çärýek final duşuşyklary şaýatlyk etdi, onda ýurdumyzyň häzirki çempiony «Arkadag» topary öz meýdançasynda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny 6:0 hasabynda uly ýeňlişe sezewar etdi we şeýlelikde jogap duşuşygyndan öň özi üçin amatly artykmaçlyk gazandy.
Şol bir wagtda Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» we «Nusaý» stadionlarynda geçýän duşuşyklarda «Aşgabat» topary garaşylmadyk ýagdaýda 2018-nji ýyl AFK kubogynyň finalçysy «Altyn asyr» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Tofik Şükürowyň topary üçin duşuşyk has amatly netije – Mergen Nurlyýewiň derwezä salan iki pökgüsinden soň (36-njy we 45 + 1-nji minut) 2:0 hasap bilen-de gutaryp bilerdi. Eýsem-de bolsa, 88-nji minutda Pirmyrat Soltanow iki sany sary kartoçka görkezilmegi sebäpli myhmanlar azlykda galdylar. Goşmaça wagtyň dowamynda, 92-nji minutda bolsa ýer eýeleri Röwşengeldi Halmämmedowyň jerime urgusy netijesinde hasaby üýtgetdiler – 2:1.
Beýleki bir duşuşykda 66-njy minutda garşydaş topardan Jumamyrat Jumaýew oýundan çykarylandan soň, köplükde oýnan hem bolsa, wise-çempion «Ahal» topary milli çempionatda soňky orunda barýan «Köpetdag» toparyny ýeňip bilmedi. Duşuşygyň barşynda Welsähet Öwezowyň şägirtleri 45+2 we 79-njy minutda Orazgeldi Seýidowyň geçiren pökgülerinden soň utulýardylar. Şeýle-de bolsa, esasy wagtyň gutarmagyna 8 minut galanda, «Ahal» topary Ýakupmuhammet Gowşudowyň (45 + 3) we Begmyrat Baýowyň (82-nji) tagallasy bilen ýeňlişden halas bolmagy başardy.
Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» topary bilen Mary welaýatynyň «Merw» toparynyň arasynda geçen başga bir duşuşykda ýeňiji kesgitlenmedi. Bu ýerde garşydaşlar deňlikde hoşlaşdylar – 0:0.
2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary 17-18-nji iýunda geçiriler.
turkmenistan.gov.tm