HOREZMŞA WE ŞADYÝAN ÝIGIT

Muhammet Horezmşanyň zamanynda ýurtda uly gahatçylyk ýüze çykypdyr. Ýaplaryň suwy çekilip, ýeriň berekedi göterilipdir. Mal-garanyň garamatyna gabak galdyrmag-a beýle-de dursun, galyň bende çeýnäre çörege zar bolupdyr. Aý aşdygy saýy alaçsyz bendeleriň haly has-da egbarlapdyr. Uzagyndan umyt edere hem yş galman eken. Köpçülik halys ruhdan we tapdan düşüpdir. Şeýle ýagdaýda soltan bir perman çykaryp, ýurduň içinde toý-dabaranyň, göçgüniň peseldilmegini, aýdym-sazyň bes edilmegini buýrupdyr. Perwerdigäre çyn ýürekden dileg-doga etmegi, köňli pakyr bolup gezmegi, geljegiň gaýgysynda şatlyk-şagalaňy unutmagy tabşyrypdyr. Bogazyndan owurt suw ýa-da döwüm çörek ötmedik bendeleriň onsuzam gaýry zada mejaly ýok eken. Ýurt şeýle bir tukatlyga bürenipdir welin, her soňky ýagdaý öňki hallarynyň üstüne urna bolýan eken. Şeýle günleriň birinde köşgüniň penjiresinden töweregi synlap duran soltanyň köçeden aýdyma hiňlenip gelýän, şadyýan bir ýigide gözi düşüpdir. Derhal ony ýanyna getirmeklerini buýrupdyr. «Ýeri, ýigit, ulus iliň ýüzi ýokary galanok welin, seniň ökjäň ýere degenokla. Joşgunyňa bäs etmez ýaly, beýle begendirýän zat näme?» diýip, soltan sorapdyr. «Hökümdarym, ýeri men nämäni gaýgy edeýin. Ähli zady ýerbe-ýer, ýagdaýy gurat hojaýynym bar. Hor-har edenok. Yhlasyma görä hak-heşdegimi ýetirip dur. Gowy zada begenip bilmegiň özi gowulyk» diýipdir. Soltan bir sellem oýurganyp oturyp: «Bu ýigit özüniň hojaýynyna arkalanyp, dünýäde arkaýyn gezýän bolsa, hiç wagt hazynasy tükenmeýän Perwerdigäre daýanmak has-da ygtybarlydyr.

Halky şatlyk-şowhundan gabap goýmaýyn-da, bolanjasyna begenmeklerine ejaza bereýin. Kimiň göwni giň bolsa, rysgy hem giň bolar. Galanyny Taňryň özi ýetirer» diýipdir. Şondan soň ýurdunyň raýatlaryna zady gaýgy etmän, giň göwünli we umytly gezmeklerini buýrupdyr. Tiz wagtdan bolsa ýurduň ýagdaýy düzlenip, ýaşaýyş has-da gowulanypdyr. Şonda soltan Taňrydan umytly gezmegiň juda uly gudratynyň bardygyna göz ýetiripdir.

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar