KITAP – YNSAN ÜÇIN EGSILMEZ RUHY HAZYNA

Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi, etrabyň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň hem-de kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Kitap-ynsan üçin egsilmez ruhy hazyna» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde ata Watanymyzyň beýik ösüşleridir özgertmeleri, ýaşlar hakda edilýän aladalar barada durlup geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti we baý many-mazmuny dogrusyndaky gürrüňlere aýratyn üns çekildi.

Söhbetdeşlige gatnaşan okuwçy ýaşlar özleriniň bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar. 

Gunça HATAMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň gurmaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy

hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 282 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 270 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14 Iýul 2025 | 1305 okalan

WATAN GORAGY MUKADDESDIR