SOŇKY JAŇ DABARASYNY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRMEK

Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 18-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap bilim bölümi, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde guramagynda 18-nji orta mekdebiniň uçurymlarynyň arasynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek, jemgyýetçilik ýerlerde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmekligi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ýaşlaryň mynasyp goşant goşmalydygyny, olaryň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, arassa ahlakly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleriniň abadan durmuşymyzyň aýdyň güwäsidigini belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda çärä gatnaşanlar döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Şöhrat KADYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 282 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 270 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14 Iýul 2025 | 1305 okalan

WATAN GORAGY MUKADDESDIR