DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Medeniýet öýünde etrap häkimligi bilen jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň edara-kärhanalarynda, bilim ojaklarynda zähmet çekýän işjeň agzalaryň gatnaşmagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dünýä jemgyýetinde ynsanperwer ýörelgesiniň nusgalyk göreldesidir» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çagalaryň saglygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmek üçin edýän tagallalary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň saglygyny goramakda, hemaýata mätäç çagalara ýakyndan goldaw bermekde, olaryň saglygyny berkitmekde bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Melike ROZYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 39 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 91 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 119 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI