NALYŇ TYLLADANDYR BEDEW

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň behişdi bedewlerimize goýýan sarpasyndan ugur alyp Daşoguz şäheriniň okuwçy ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Nalyň tylladandyr bedew» atly şygar astynda surat sergisini gurnady. Sergide Daşoguz welaýat çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň ussatlyk bilen çeken ajaýyp suratlaryna syn edildi. Bu guralan surat sergisi okuwçy ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmak hem-de türkmeniň uçar ganaty behişdi bedewleriň wepadarlygyny, ýyndamlygyny wagyz etmek maksady bilen gurnaldy.

Wepa ESENOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 272 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 271 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 272 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN