AHALTEKE BEDEWI-BIZIŇ BUÝSANJYMYZ WE ŞÖHRADYMYZ

Ýakynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çagalar sungat mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramagynda sungat mekdebine gatnaýan höwesjeň okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhradymyz» atly şygar astynda surat sergisi geçirildi.

Sergide görkezilen eserlerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesinde geçirilýän birnäçe abraýly festiwallarda yzygiderli çykyş edip, gazanan üstünlikleri, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen, dünýä derejesinde abraýy barha ýokarlanýan sirk sungaty, türkmen bedewleri wasp edildi.

Serginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda döwrebap bilim almaga, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Akjagül NURÝAGDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 282 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 270 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14 Iýul 2025 | 1305 okalan

WATAN GORAGY MUKADDESDIR