ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

Golaýda türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Adyň dillerde sena bedew” atly şygar astynda Daşoguz welaýat Atçylyk sport toplumynda welaýat derejesinde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara edara-kärhanalaryň hünärmenleri, medeniýet öýlerinde we bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdy. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen bedewini wasp edip, ýerine ýetirilen aýdymlar, çeper okaýyşlar, edebi-szly kompozisiýalar ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle-de, ýaş suratkeşleriň il arasynda owadanlygyň, nepisligiň nusgasyna öwrülen ahal-teke bedewini wasp edip çeken suratlarynyň sergisi guraldy. Soňra baýramçylyk dabarasy köpçülikleýin sport çäreleri bilen utgaşdy.

Kakabaý DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 272 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 271 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 272 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN