GYZ-GYLYGY BILEN, OGUL-EDEBI BILEN

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap zenanlar guramasy, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda ene-mamalarymyzdan miras galan milliligi, asyllylygy, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy wagyz etmek maksady bilen, etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryň arasynda «Gyz-gylygy bilen, ogul-edebi bilen» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler ajaýyp döwrümizde nesil terbiýesine, esasan hem, milli ruhda terbiýelemäge aýratyn ünsüň berilýändigi, ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatly edep-terbiýe, durmuş mekdebiniň ähli ynsana mahsus gelýän ýörelgeleriniň manysynyň örän çuňdygy, pederlerimiziň gymmatly mirasynyň biz üçin nusgalykdygy barada uly buýsanç bilen bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milliligimize, edim-gylymlarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Bagtyýar MATDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

15 Iýul 2025 | 114 okalan

AZADYNYŇ ESERLERI TERBIÝE MEKDEBIDIR

11 Iýul 2025 | 76 okalan

ÝAŞLAR - BIZIŇ RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

11 Iýul 2025 | 77 okalan

AWAZA-DOSTLUGYŇ GÜL AÇÝAN MEKANY