KÖRPELER BÄSLEŞDILER

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 3-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda «Körpe bilgirjeler» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige etrabyň çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Bäsleşik harplary tanamakdan, sanlary ýatdan goşup-aýryp bilmekden ybarat bolup, örän çekeleşikli geçdi.

Ýeňiş gazanan körpejeler Esenguly etrap bilim bölüminiň Hormat hatlary, şeýle hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Alfiýa ŞEMMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

15 Iýul 2025 | 114 okalan

AZADYNYŇ ESERLERI TERBIÝE MEKDEBIDIR

11 Iýul 2025 | 76 okalan

ÝAŞLAR - BIZIŇ RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

11 Iýul 2025 | 77 okalan

AWAZA-DOSTLUGYŇ GÜL AÇÝAN MEKANY