Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasy we onuň döredijiligi her bir ynsan üçin juda ähmiýetlidir. Onuň “Wagzy-azat”, “Behiştnama” ýaly eserleri çuňňur pelsepäniň gözbaşydyr. Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan “Magtymguly Pyragy” muzeýinde Ýaşlar guramanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda “Azadynyň eserleri terbiýe mekdebidir” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşik Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygyna bagyşlandy. Çärä gatnaşanlar özleriniň döreden goşgulary bilen çykyş etdiler. Olaryň şygyrlarynda Azadynyň we Pyragynyň çeper keşbini görmek bolýar. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Oňa gatnaşanlar halypa-şägirtlik ýolunda giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Bägül BOÝALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly
etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.