AWAZA-DOSTLUGYŇ GÜL AÇÝAN MEKANY

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde düýpli özgerýän Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň jahankeşdelerini bütin ýylyň dowamynda özüne çekýär. Şol bir wagtda syýasy, ykdysady, söwda, ekologik, ynsanperwer gatnaşyklaryň ýylsaýyn ösýän merkezi bolup durýar. Ine şular dogrusynda, şeýle-de bu ýerde dynç alýan bagtyýar raýatlarymyzyň dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň taýýarlamagynda “tegelek stoluň” başynda telegepleşik ýazgy edildi.

Gepleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň işgärleri bilen bir hatarda, şäheriň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar. Çykyş eden myhmanlar Hazaryň türkmen kenaryny jähekläp oturan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bagtyýar raýatlarymyzyň şol sanda körpe nesilleriň dynç alyşlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri maksady bilen, döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda gürrüň etdiler.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny bagtyýar ertirlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar!

Umyt BAÝHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.