STOL ÜSTÜNDÄKI TENNIS ÝARYŞY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, şeýle hem bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda etrabyň 1-nji sport mekdebinde stol üstündäki tennis boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaşlary sporta giňden çekmek, sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, geljegimiz bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen guralan sport ýaryşyna etrabyň orta mekdeplerinden gelen okuwçy ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy.«Sport saglygyň girewidir» atly şygar astynda geçen sport ýaryşda ökde türgenleri öňe saýlady.

Gyzykly hem-de çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde emin agzalar mekdep okuwçylaryň arasyndan has ussatlaryny, ýeňijileri ýüze çykaryldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN