SAGDYN NESIL BAGTYÝAR GELJEK

Golaýda Kerki etrabynyň Çekir oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň 4-nji bölümi, şeýle-de, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda, etrabyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda «Sagdyn nesil bagtyýar geljek» atly wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi.

Ýygnakda çykyş edenler 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda raýatlaryň arasynda tertip düzgüni berkitmek, edep-ekramlylyk ýörelgelerine eýermegini gazanmak, ýurdumyzda hukuk ulgamy boýunça kabul edilen täze kararlar, kanunlar bilen tanyşdyrmak hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça meýilnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Wagyz-nesihat ýygnagynyň ahyrynda gatnaşyjylaryň ählisi Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Oýdin AŞIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 52 okalan

BITARAPLYK WATAN ASUDALYGYŇ BERKARARLYGY

14 Iýul 2025 | 1017 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 1008 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI