BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 1-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi hem-de Hojambaz etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda, etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, şeýle-de, okuwçy ýaşlaryň arasynda “Bütin dünýä saglyk güni” mynasybetli köpçülikleýin ýöriş we sport utgaşykly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Sport çäresinde oňa gatnaşyjylar sportuň birnäçe görnüşleri boýunça öz aralarynda bäsleşdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilip berilýän şertler we mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Gunça SAPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

 Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 52 okalan

BITARAPLYK WATAN ASUDALYGYŇ BERKARARLYGY

14 Iýul 2025 | 1017 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 1008 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI