SUNGAT ÝOLUNDAKY MAŞGALA

Urşuň hasratlaryny gören nesliň parahat durmuşyň gadryny bilişi, zähmete yhlaslylygy bir başga. Nurýagdy Baýramow hem şol döwrüň ýetginjekleriniň biri. Onuň 1938-nji ýylyň 3-nji awgustynda dünýä inen we ýaşan obasyna «Bagşylar obasy» diýer ekenler. Bu adyň berilmeginiň sebäbi şol obada ökde gyjakçy Çary Gurbanow, Mylly Täçmyrat, Çary Ödek, Aýmämmet Aşyrow ýaly ençeme zehinli bagşylar önüp-ösüpdirler. Bu hem ýaşajyk Nurýagdynyň kalbynda turuwbaşdan aýdym – saz sungatyna bolan uly höwesi döredipdir.

Nurýagdynyň daýysy Bäşim Meret Türkmen döwlet halk saz gurallary orkestrinde gyjakçy bolup işleýän döwürlerinde öz ýegenine ilkinji bolup dutar çalmagy öwredipdir. Bäşim aga 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde wepat bolýar. 1953-nji ýylda ýediýyllyk mekdebi tamamlandan soň, Nurýagdy ussat halypa Mylly Täçmyradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän aýdym-saz gurnagyna ýazylypdyr. Okap ýören döwründe meşhur sazanda Tugur Berdinyýazow hem Nurýagdy Baýramowa halypalyk edip, dutaryň inçe syrlaryny öwredipdir.

Sahnada halkyň öňüne çykyp aýdym aýtmagyň öz inçe syrlary bar. Nurýagdy Baýramow ilkinji gezek Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Delalat ýagşy» diýen aýdymy aýdypdyr. Hem aýdym aýtmak, hem sazyny çalmak, şonuň bilen birlikde hem gyjak sesine goşulyşmak ýeňil-ýelpäý iş däl.

Nurýagdy Baýramow zähmet çeken döwürlerinde ussat gyjakçy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti dirižýor hem-de kompozitor Annageldi Jülgäýew we beýleki döredijilik işgärleri bilen Eýran Yslam Respublikasynda, seýle-de Siriýa, Iordaniýa, Şwesiýa, Malta, Ýaponiýa ýaly döwletlerde çykyş edipdirler.

Wagtyň geçmegi bilen NurýagdyTürkmenistanyň Milli konserwatoriýasynda ýaş zehinli dutarçylar toparynyň talyplaryna dutar mugallymy bolup tälim bermäge başlaýar. Türkmenistanyň at gazanan artisti Arslan Atdanow, bagşylar Gülbahar Bäşimowa, Şadurdy Baýjykow, Magtymguly Magtymgulyýew, Çemen Hommadöwezowa ýaly ussat bagşylara tälim beripdir. Şu günki tanymal bagşylar Serdar Baýramow, Meýlis Nurgeldiýew dagylar hem dutarda aýdym aýtmagy we saz çalmagy ussat halypadan öwrenipdirler.

Nurýagdy Baýramowyň ençeme bagşy-sazandalary jemleýän döwletli ojagy bar. Sungata örän uly sarpa goýýan Nurýagdy Baýramow ata –babalarymyzyň «Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär» diýen pähimine eýerip, öz hünärini şägirtlerine öwredýär. Onuň inisi, Türkmenistanyň at gazanan artisti Rüstem Baýramow häzirki döwürde nebit-gaz toplumynyň medeni-işewürlik merkeziniň bagşysy bolup işlese, ogullaryndan Merdan Baýramow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dutar boýunça ýaş hünärmenlere sapak bererdi. Agtygy Serdar Baýramow Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň dutar saz guralyndan mugallym hem okuw- terbiýeçilik işleri boýunça müdiriň orunbasary wezipesinde zähmet çekýär.

Sungat ýolundaky bu bagşy-sazandalar maşgalasyna geljekde-de üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

Azady MYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar