Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, “Daşoguz” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli, «Gahryman Arkadag bilen bagtyýardyr nesiller» atly brifing duşuşygyny geçirdi.
Onda çykyş edenler gazna tarapyndan geçen sanlyja 4 ýylyň içinde amala aşyran dünýä nusgalyk işleri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşymyzyň bezegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri ugrunda edýän çuň aladalary barada gyzykly gürrüpleri etdiler.
Duşuşugyň ahyrynda brifinge gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçirilýän bäsleşikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Kakabaý DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.