MILLI TERBIÝE ASYLLY ÝÖRELGE

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramaklarynda etrapdaky 21-nji orta mekdepde “Milli terbiýe – asylly ýörelge” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Oňa mekdebiň ýokary synp okuwçy ýaşlary gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz hakynda, olaryň nesil terbiýesindäki orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, Watana wepaly bolmak, il-günüňi goramak, ahlak düzgünlerini berjaý etmek her bir ýaş nesliň mukaddes borjy bolup durýandygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanada ýaşamaga, işlemäge, okamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

 Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

 Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN