SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň myhmanlary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysady kafedrasynyň mugallymy – Allaberdi Berdiýew, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň mugallymy – Myrat Halnazarow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy – Suraý Guljanowa hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň hasabyna bejergi alan Hangeldi Allanazarowyň ejesi – Gülälek Allanazarowa şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi barada hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli täsirli söhbetler edilip onda ýurdumyzyň ösüşleri barada durup geçildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilip berilýän şertler we mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Merdan ORAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 24 okalan

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

16 Iýul 2025 | 112 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 41 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI