“BIZ OWAZ BILEN” ATLY AÝDYM-SAZLY GEPLEŞIGIŇ TÄZE SANY ÝAZGY EDILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Türkmen owazy” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Biz owaz bilen” atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky täze sany ýazgy edildi.

Gepleşigiň bu gezekki sanyna Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Aýsulu Gurdowa hem-de Ylýas Körpäýew dagylar gatnaşdylar. Gepleşigiň dowamynda aýdymçy Aýsulu Gurdowa tarapyndan “Eziz obam, Söýýan diýme, Goňşy gyz” hem-de watanmyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdi we aýdymçy Ylýas Körpäýew tarapyndan “Zülpüň, Ýigitlik çagy, Ýollan dönmen, Köne güzer” şeýle-de Aýsulu Gurdowa, Ylýas Körpäýewiň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde joşgunly aýdymlar ýerine ýetirildi. gepleşigiň bu sany diýseň täsirli hem gyzgalaňly boldy.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan aýdymçylar medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde ony dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Aýjahan MUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 24 okalan

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

16 Iýul 2025 | 112 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 41 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI