“BIZ OWAZ BILEN” ATLY AÝDYM-SAZLY GEPLEŞIGIŇ TÄZE SANY ÝAZGY EDILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Türkmen owazy” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Biz owaz bilen” atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky täze baýramçylyk sany ýazgy edildi.

Gepleşigiň bu gezekki sanyna öz aýdymlary bilen ençeme ýaşlaryň söýgüsine mynasyp bolan ýaş zehinli aýdymçy Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň “Altyn Asyr bäsleşiginiň ýeňijisi” Eldar Ahmedow gatnaşdy. Gepleşigiň bu gezekki baýramçylyk sanyndaky aýdymçy “Galam gaş, Ýüregimden çykardym seni, Senden başga, Güljeren, Ýekeje goýýan hem-de Arkadagly Serdarym” atly ajaýyp joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdi. Gepleşigiň bu sany diýseň täsirli hem gyzgalaňly boldy.

Gepleşigiň ahyrynda medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde ony dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Umyt NEDIROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Dolandyryş hojalyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 24 okalan

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

16 Iýul 2025 | 112 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 41 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI