«ÝAŞ ŞAHYRLAR WE EDEBIÝATÇYLAR»

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň «Ýaş şahyrlar we edebiýatçylar» atly gurnagy, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilelikde guramagynda meýletinçiler bilen döredijilik duşuşygyny geçirdiler. Dabara talyp ýaşlar hem-de dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar. Maslahat duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler zalynda geçirildi.

Duşuşyk täsirli geçdi we ýaş geljekki şahyrlar üçin ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Meýletinçilere myhman bolup «Güneş» žurnalynyň habarçysy Garahanjar Baýhanow gatnaşdy. Ol ýaşlaryň durmuşynda gabat gelýän meseleler we halypalaryň bular dogrusynda berýän maslahatlary şeýle hem öz şahsy tejribesi dogrusynda gyzykly gürrüňler etdi. Olarda watansöýüjilik, wepalylyk, adalatlylyk, ýaly ynsanperwer häsiýetler hem öz beýanyny tapdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Rüstem HOJANEPESOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.