ÝAŞ ŽURNALISTIŇ SESI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda hereket edýän Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkeziň “Ýaş žurnalistiň sesi” atly gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň mejlisler zalynda geçirilen döredijilik duşuşygyna halypalar we ýaş žurnalistler işjeň gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda häzirki zaman žurnalistikasynyň möhüm talaplary barada giň mazmunly çykyşlar edildi. Mälim bolşy ýaly žurnalistler döwrüň gündelik özgertmelerini halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirmekde jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýärler. Şu nukdaýnazardan žurnalistleriň bilimli-sowatly bolup ýetişmekleri möhüm ähmiýete eýedir Şular dogrusynda guralan çekişmeleriň geçirilmegi we özara sowal-jogaplaryň alşylmagy bolsa duşuşygyň täsirini has-da artdyrdy. Munuň özi ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigine we ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýokarlandyrmaga uly mümkinçilikleriň döredilýändigine ýene bir ýola güwä geçýär.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çeper NAZAGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyň magistranty,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

04 Aprel 2025 | 799 okalan

ÝAŞ ŽURNALISTIŇ SESI

13 Mart 2025 | 572 okalan

ÝAŞ ŽURNALISTLERIŇ SESI