ÝAŞ ŽURNALISTLERIŇ SESI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş žurnalistiň sesi” gurnagynyň meýletinçileriniň duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy, şahyr Şähribossan Geldimämmedowa, “Edebiýat we sungat” gazetiniň edebi işgäri Gurbanjemal Annakowa, “Milli goşun” žurnalynyň edebi işgäri Aşyrmät Garlyýew dagylar gatnaşdylar. Olar öz döredijiliginden hem-de birnäçe halypa we nusgawy şahyrlaryň döredijiliginden çuňňur manyly goşgulary ýerine ýetirmek bilen meýletinçileri ruhlandyrdylar. Soňra nusgawy şahyrlaryň döredijiligine takyk düşündirişleri geçip meýletinçileriň döredijilik ýollaryny ýagtylandyrdylar.

Soňra ýygnaga gatnaşyjy meýletinçiler halypalary öz döredijilikleri bilen tanyşdyrdylar. Olar hem öz gezeginde  meýletinçilere degişli maslahatlary berdiler. Ýygnagyň ahyrynda döredijilik bilen meşgullanmaga, meýletinçilik işini alyp barmaga giň  mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Annageldi GODOROW,

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky “Arkadagly Ýaşlar”

žurnalynyň bölüm redaktory,

Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik

hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Aprel 2025 | 799 okalan

ÝAŞ ŽURNALISTIŇ SESI

13 Mart 2025 | 572 okalan

ÝAŞ ŽURNALISTLERIŇ SESI