ÝAŞ ZEHINLILERIŇ ARASYNDA EDEBIÝAT DÖREDIJILIGI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramasynyň merkezi binasynda goşgudyr şygyr prozadyr hekaýalary ýazýan döredijilikli ýaş oglan gyzlaryň arasynda şygyr ýazmakda edebiýat duşuşygy geçirildi.

Gyzykly geçen edebiýat duşuşygynda tanymal şahyrlarymyzyň ömür we döredijilikleri barada gyzykly gürrüňleri şeýle-hem häzirki döwrümiziň ýazyjylary halkynda halypa şägirtlik babatda gyzykly söhbetdeşlikleri geçirildi.

Ýaş şahyrlaryň özleriniň döredijigi hakynda ýazan şygyrlaryny Gülläp-gül açýan eziz Diýarymyz barada Ýylymyzyň şygaryny wasp edýän dürli goşgulary bulardan başga-da ene-mamalarymyzy ejelerimizi gelin-gyzlarymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly okaldy.

Duşuşygyň ahyrynda ýazylan goşgulara emin agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Esger gazetiniň ýazyjysy Aýgül Garaýewanyň halypalyk etmeginde şeýle-hem “Arkadagly Ýaşlar” žurnalynyň redaktory tarapyndan degerlikli maslahatlary berildi.

 

Azady MYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.