Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziň “Ýaş şahyrlar we žurnalistler” gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşyga adatdaky ýaly, ýaş žurnalistler, şahyrlar we çeper edebiýatyň muşdaklary, galyberse-de TMÝG-niň Merkezi Geňeşinde tejribelik geçýän talyplaryň topary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, şahyr Täzegül Hapyzowa duşuşygyň arzyly myhmany boldy. Täsirli geçen duşuşykda edebiýatçy alym döredijiligiň ýaş wekillerine öz maslahatlaryny berdi, ylmy-döredijilik ýolundaky baý tejribelerini paýlaşdy. Birnäçe mysallar arkaly edebiýat ylmynyň inçe ýerlerini giňişleýin düşündirdi.
Çäräniň dowamynda ýaş şahyrlar Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň belent ösüşlerini, parahatçylygy, bagtyýar durmuşy wasp edýän, şeýle-hem söýgi, durmuş temalaryndan söz açýan birnäçe şygyrlaryny okap berdiler. Mundan başga-da halypa bilen täsirli pikir alyşmalara giň orun berildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döredijilik bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurban MYRADOW,
“Arkadagly Ýaşlar” elektron
žurnalynyň jogapkär kätibi.