Golaýda şeýle şygar bilen Daşoguz şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramagynda Bagtyýar zaman medeniýet öýünde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdy.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler täze taryhy döwürde sagdyn jemgyýetiň binýadyny berkitmek babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, milli däp-dessurlarymyza hormat goýýan, ilhalar, watansöýüji nesiller edip terbiýelemek, ahlaklylyk adalatlylyk, dogruçyllyk ululara hormat goýmak dogrusynda giňişleýin durup geçdiler
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlarymyza döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.
Jennet GULMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.