«TEBIGAT WE EKOLOGIÝA» ATLY GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de «Türkmenistan» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Tebigat we ekologiýa» atly bahar paslynyň gelmegi mynasybetli Flora gül dükanyna gezelenç çäresi geçirildi.

Gezelenç çäresine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşinde zähmet çekýän hünärmenleri gatnaşdylar. Gezelenç çäresinde bahar paslynyň gelmegi bilen gülleriň açylmagy tebigatyň owadan görke gelmegi şeýle hem Milli Bahar baýramy halkara Nowruz güniniň bellenmegi barada çykyşlara aýratyn uly orun berildi.

Gezelenç çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ogulsapar BABYLOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 24 okalan

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

16 Iýul 2025 | 112 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 41 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI