SAGDYN NESIL – KUWWATLY WATAN

Tagtabazar etrabynyň  umumybilim berýän orta mekdepleriniň kiçi we uly ýaşly okuwçylarynyň arasynda bolup biljek kanuny bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, sagdyn durmuşdyr milli ahlak ýörelgelerini berjaý etmek hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  döwet galamyndan çykan ajaýyp kitaplaryny geljegimiz bolan nesillerimize düşündirmek we olaryň watançy ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen TMÝG-niň etrap Geňeşiniň,  etrap prokuraturasynyň, etrap  PB-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap hassahanasynyň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda  etrabyň 14-nji orta mekdepde ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda «Sagdyn nesil – kuwwatly Watan»  atly  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda okuwçylaryň edep-ekramly, bilimli bolmalydygy, sapakdan boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin mekdepde we mekdepden daşary gurnalýan çärelere işjeň gatnaşmalydygy, mekdepde we jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini tertip-düzgünli alyp barmalydygy, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmelidigi we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny durmuş ýörelge edinmek barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ogulboldy ÖWEZBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI