Ýaşlar — jemgyýetiň geljegi

Ýurdumyzda şahsyýetiň erkin ösmegi, ukybyny we başarnygyny amala aşyrmagy üçin ähli şertler döredilýär. Adam hukuklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ileri tutulmagyna gönükdirilen netijeli işler Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň maksatlary bilen utgaşykly sazlaşýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň milli meýilnamalara goşulmagy baradaky geňeşmeleriň başyny başlan ilkinji ýurtlaryň biri bolan Türkmenistanyň bu ugurda edýän tagallalary durmuşa geçirilýän netijeli işlerden aýdyň görünýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky “Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda” karary halkara derejede ykrar edilen durnukly ösüşiň 17 maksatlarynyň biri bolan durnukly ykdysady ösüşe, hemmeler üçin iş üpjünçiligine we olaryň mynasyp zähmetine ýardam etmek baradaky halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklaýar. Resminama laýyklykda Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy. Pudagara topar aýda bir gezek öz mejlisini geçirip, ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň iş bilen üpjün edilmegi baradaky meseleleri yzygiderli seljermäge, ýaşlary işe ýerleşdirmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga hem-de zerur teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýetirmäge ygtyýarly edildi. Munuň özi, zähmete ýaramly bolan ilatyň uly bölegini tutýan ýaşlaryň hünär bilimlerini ele almaklary, oýlanyşykly hünär saýlap bilmek başarnygyny emele getirmek hem-de döredijilikli zähmet çekmegi babatda olara ýardam bermäge möhüm ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.

Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylýan ýörite maksatnamanyň wezipelerine aýratyn üns berildi. Ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmegi kadalaşdyrmak, milli kanunçylygy seljermek, bu ulgamdaky kadalaşdyryş-hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlaryň hasaba alnyşyny kämilleşdirmek bu resminamada göz öňünde tutulýar. Onda ýaşlarda iş endiklerini emele getirmek we olary hünäre ugrukdyrmak boýunça kämil ulgamy döretmek işlerini dowam etmek, şeýle hem ýaşlary işe ýerleşdirmek barada döwlet statistiki hasabatlylygynyň sanawyny girizmek işleri meýilleşdirilýär. Maksatnamanyň esasy ugurlarynyň hatarynda ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy boýunça şertleri döretmek, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak ýa-da satyn almak üçin ýeňillikli bank karzlaryny bermek ýaly meselelere hem üns berilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitabynda “Ýagşy terbiýeli, il-gününe ygrarly, ýiti zehinli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli ogul-gyzlar diňe bir maşgalanyň däl, tutuş Watanymyzyň guwanjydyr” diýip nygtalýar. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagy, zähmet babatda başlangyçlaryny we zähmetde taplanmak boýunça endiklerini ösdürmäge ýardam berilmegi, olaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmagy üçin guramaçylyk we hukuk şertleriň döredilmegi ýaş raýatlarda ýurdumyzyň umumy durmuş-ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga höwes döredýär.

Adamyň durmuş-ykdysady hukuklarynyň esasylarynyň biri bolan zähmete bolan hukugy ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukugydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 49-njy maddasynda her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga bolan hukugynyň bardygy berkidilýär. Konstitusion kadalardan gözbaş alýan Türkmenistanyň Zähmet kodeksi raýatlaryň zähmete bolan hukugyny durmuşa geçirmegi üçin zerur durmuş-hukuk şertleri we kepillikleri döretmegiň hem-de zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň döwrebap kadalaryny özünde jemleýär. Zähmet kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda her bir raýatyň iş berijä göni ýüz tutmak arkaly ýa-da iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary arkaly iş ýerini erkin saýlamaga hukugy bardyr. Kodeksiň 14-nji maddasy bolsa her bir iş beriji işgärlere zähmet şertnamasyna we taraplaryň ylalaşygyna laýyklykda iş bermäge, olary iş ýeri, zähmet borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin gerek bolan serişdeler bilen üpjün etmäge, gymmatly zähmeti üçin deň tölegi üpjün etmäge hem-de zähmeti goramagyň häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmaga, sagdynlygyň we howpsuzlygyň talaplaryny göz öňünde tutýan zähmet şertleri bilen işgärleri üpjün etmäge borçlandyrýar.

Berkarar ýurdumyzda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi, olaryň watansöýüji, sowatly, sagdyn bedenli, ruhubelent hem-de zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesillerde ruhy-ahlak we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegi, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi we zähmete bolan söýgini terbiýelemek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenýär. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda ýaş raýatlaryň iş bilen üpjünçiligine, hünäre ugrukdyrma işlerine, hünärini ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça işi amala aşyrýan guramalary goldamak, bu ugurda ýaşlaryň medeniýetini we endiklerini ösdürmek, ýaşlar birleşiklerini goldamak, zähmet bazarynda ýaşlaryň durmuşa uýgunlaşmagyna ýardam etmek we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin meýilnamalary durmuşa geçirmekde döwlet goldawynyň esasy ugurlary görkezilýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň ösüşe, döredijilige gönükdirilmegi ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygyna bu ugurdaky döwlet maksatnamalaryny, kanunçylyk binýadyny synlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykda ýaşlaryň durmuş-zähmet hukuklary we kanuny bähbitleri döwrebap derejede goralýar.

Umuman, ýurdumyzda ýaş raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyna gönükdirilen maksatlaýyn çäreler halkara bileleşiginiň durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Munuň özi, milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň döwlet maksatnamalaryndaky we milli kanunçylykdaky aýdyň şöhlelenmesidir.

Bäşim SAPAROW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky 

Döwlet we hukuk institutynyň işgäri,

hukuk ylymlarynyň kandidaty.

“Nesil” gazeti,

07.11.2017ý.

Meňzeş habarlar