Ömrüň manysy – Watanyň parahatçylygynda.
Adamyň ömürboýy edýän yhlasynyň özeninde Watan baradaky alada bar. Watanyň gymmaty ömür-boýy eden yhlasyň bilen ölçärden hem ýokardadyr. Akyldar Magtymguly:
Eşit, adam, dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt olmaz
– diýipdir. Watandan alysa giden halatyňda bolsa, Watanyň bir çümmük topragy hem janyňa aram berýär. Uzak ýurda ykbal-nesibesi atylan ildeşlerimiziň öýüniň bir künjündäki çuwal torba guýlan Garagumuň çägesi, şeýle hem öýde bezeg, ýagny ekibana hökmünde goýlan sazakdyr selin we beýleki dagdyr çöl ösümlikleri, olara Watanyň yssy mährini ýatladyp durýar.
Watanymyzyň bagtyýarlygy biziň manyly ýaşaýşymyzdyr. Bu gadymy Diýarda Watan mertebesiniň belentliginiň hatyrasyna, ähli yhlasyny, gaýratyny bagyş eden merdanalaryň göreldesi nusga bolup ýaşaýar. Häzirki ösüşli döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýäde öz mynasyp ornuny eýelemegi üçin, öňümizde goýýan belent maksatlarymyz hem şunuň aýdyň subutnamasydyr.
Ata-babalarymyz Watany söýmegiň mekdebini öz ömürleriniň manysyna öwrüp, baky ýaşadypdyrlar. Watana bolan söýginiň gözbaşynda Oguz hanyň «Ser bereris, ýer bermeris» diýen pähimi bardyr.
Her bir adamyň ýürekden eden ýagşy işini nesiller taryha ýazýarlar. Şeýdip, Watany söýmegiň mekdebiniň dowamlydygy aýan edilýär. Watan söýgüsini teswirleýän rowaýatlar dessanlaryň hem mazmunyna siňdirilipdir. Türkmen dessanlarynyň, ertekileriniň gahrymanlary, adatça, bir kyn işi bitirmegi maksat edinip, ýola çykýarlar. Olar ýa hiç ýerde tapylmaýan, adama ömür berýän dermany tapyp getirmelidirler, ýa bolmasa-da olaryň ýola düşmeginiň aňyrsynda garyndaşlyk açmak maksady bardyr. Dessanlarda asylzada ýigitler özlerine taý boljak maşgalany gözläp, ýurt aşyp gidýärler. Şonda hem olar hemişe Watanyny ýatlap gezýärler, «Watanym yzymda galdy » diýip ah çekýärler. Hiç bir baýlyk, jady hem olary Watanyna barýan ýoldan saklap bilmeýär. Dessanyň gahrymanynyň Watany, ol ýerde galan mähribanlary gije düýşüne girýär, sabryny alýar. Şeýle mysallara edebiýatda köp duş gelensiňiz.
Taryhda uly orun eýeleýän meşhur serkerdeleriň ömür ýoly baradaky ýazylanlar hem olaryň watansöýüjiliginiň beýik nusgasyny aýan edýär. Jelaleddin Türkmeniň ady hem bu töwereklere giňden ýaýrandyr. Ol merdana, batyr, gaýratly we edenli türkmen serkerdesidir.
Bir gezek söweşde serkerde agyr ýaralanypdyr. Tebipler näçe em etseler-de, gutulybermändir. Şonda serkerde başyny galdyryp:
– Maňa öz Watanymyň bir gysym topragyny getirseňiz sagalýan – diýipdir. Nökerleri onuň aýdyşy ýaly edipdirler. Tizden tiz gadymy Wasa adam ýollapdyrlar. Atlynyň giden yzyna garap, Jelaleddin umytly garaşyp ýatypdyr. Umytda hem uly güýç bar! Ahyrynda atly bir düwünçekde Wasyň topragyny we Amyderýanyň bir jürdek suwuny alyp gelipdir. Serkerdäniň şähdi açylypdyr we tizden sagalyp, aýak üstüne galypdyr. Ýene bir rowaýatda şeýle gürrüň berýärler. Oguz döwründe bir adamyň juda owadan hem edenli, eli çeper gyzy barmyşyn. Ony gelin edinmek üçin Oguz ýurdunyň özüne göwni ýetýän begzadalary söz aýdypdyrlar.Gyz olaryň hijisine-de başyny galdyrmandyr.Ahyrynda bir söweşjeň gerçek:
– Meniň hünärim Watanymy goramakdyr. Watanym üçin janymy bererin – diýip, ganyny seçelendirip,ýaraly halyna onuň ýanyna gelipdir.
Ol ýigit Oguz iliniň parahat durmuşyny goraýan batyr gerçekleriň biri ekeni. Gerçegiň elinde al gana boýalan ýaglyk bar ekeni. Gyz:
– Watany goraýan gerçege janym gurban bolsun – diýip, onuň al ganyna boýalan ýaglygy eline alypdyr diýýärler. Şeýdibem gyz özüni şol edermen gerçege bagyş edipdir. Olar uzak ýyllar bagtly ýaşapdyrlar. Edermen ogullary, haýaly, edepli gyzlary kemala getiripdirler.