Türkmen öýi keramat

 Hepdäniň duşenbe we sişenbe günleri hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen paýtagtlylaryň ýüzlerçesi täze jaýly boldular.

 Halkymyz ýaşaýan öýüni, mukaddes ojagyny kerem-keramat saýýar. Her bir ynsan üçin rahatlygyň we bagtyýarlygyň sakasy bolan mähriban öýüniň düşümli-döwletli bolmagyny arzuwlap, «Ýurt garşy alsyn!», «Täze jaýyňyz gutly bolsun, ogully-gyzly, gelin-göweçli bolsun!» diýip, ýagşy dileg edilýär. Ine, baýrama baý oktýabr aýynyň soňky on günlüginiň başyny şeýle dogaýy-dilegler nura besledi. Hormatly Prezidentimiziň il agzybirligi, ýurt abadançylygy ugrunda edýän çäksiz uly işleriniň miwesi paýtagtlylara şirinlik eçildi. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup, ulanmaga berlen kottejler toplumy açylyp, watandaşlarymyzyň ýüzlerçesi täze ýaşaýyş jaýdan paýly boldular. 2015-nji ýylyň aprel aýynda milli Liderimiziň gol çeken Karary esasynda, şol ýylyň maý aýynda badalga berlen ýaşaýyş jaýlar toplumynyň şu nurana baýramçylyk günlerinde toý bagy kesildi. Döwrebap arhitektura gurluşyny özünde jemleýän iki gatly kottej jaýlaryň, şeýle hem 3 we 4 gatly ähli amatlyklary bolan jaýlaryň gurluşygy ýurt Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda alnyp baryldy. Oňa birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy esasynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşyk kärhanalarynyň binaçylarynyň yhlasly zähmeti siňdi. Kottej jaýlar köpugurly «Aşgabat» stadionynyň we ýakynda açylan golf klubunyň golaýynda ýerleşýär. Halkymyzyň durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde raýatlarymyza berilýän ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna şäherlileriň we obalylaryň her ýylda müňlerçesi jaýly, ýerli-ýurtly bolýarlar. Täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylan güni olaryň gülüp duran gözleri minnetdarlyk kuýaşyndan dolup dur. Kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köp sanly ilat gatnaşdylar. Olar uly şatlyk-şowhun, gül desseleri bilen ýurt Baştutanymyzy garşy aldylar. Aýdym-sazyň hoş owazy belende galdy. Hormatly Prezidentimiz milli däplerimizi, aýdymdyr tanslarymyzy ussatlyk bilen ýerine ýetirýän folklor we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny synlap, täze jaý alan maşgalalaryň birine myhmançylyga bardy. Ol ýerde milli Liderimiz ýaşaýyş jaýynyň ähli amatlyklary bilen tanyşdy. Bu bagtyýar öýüň maşgalabaşysy telekeçi bolup, onuň ýanýoldaşy çagalara bilim-terbiýe berýär. Bagtly maşgalanyň üç gyzy, bir ogly bar. Iki gatly kottej giň otaglary, ýagty zallary, ähli gerekli enjamlar bilen üpjün edilen aşhanasy bilen has-da kaşaň görünýär. Hormatly Prezidentimiziň myhmançylyga gelmegi öý eýelerine tükeniksiz şatlyk eçilipdir. Olaryň begenjine şärik bolan desserhan dürli naz-nygmatlar bilen dolup dur. Hormatly Prezidentimiz bilen daşary ýurtly ilçileriň hem öýlerine myhmançylyga gelmegi bu maşgalanyň başyny göge ýetirdi. Olar milli myhmansöýerlik däbimize görä, myhmanlaryna duz-tagam hödür etdiler.

 Soňra Gahryman Arkadagymyz kottej jaýlarynyň töweregini bezäp oturan dürli gülleriň, bag nahallarynyň arasy bilen dört gatly ýaşaýyş jaýlaryna tarap ugrady. Bu jaýlarda 8 öý bolup, ýokarky gatlara basgançak hem-de lift bilen çykmak mümkinçiligi bar. Jaýyň her gatynda bäş otagly iki öý ýerleşdirilipdir. Her öýde giň myhman otaglary, uly aşhana hem-de dört sany ýatylýan otagdyr balkon bar. Jaýyň daşynda her bir maşgala üçin hojalyk jaýlary göz öňünde tutulypdyr. Olaryň arasynda çagalaryň oýun meýdançalary, telärler we tehniki binalar gurlupdyr. Üç gatly jaýlarda bolsa dört otagly 6 öý bar. Her öýde üç sany ýatylýan otag, uly myhman jaý we aşhana ýerleşdirilipdir.

Paýtagtymyzdaky täze açylan ýaşaýyş jaýlaryň toý dabarasy Balkan welaýatynyň Bereket demir ýol bekediniň täze lokomotiw deposynyň açylyş dabarasy bilen utgaşyp gitdi.

 * * *

Üstünlikleriň, şowlulyklaryň, toý-baýramlaryň goşalanýan ajaýyp ýurdunda täze desgalaryň açylyş dabaralary hem goşa-goşadan gelip, il-ulsy begendiriberýär. Biz bu durmuş hakykatyna eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň 26 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde has-da aýdyň göz ýetirdik. 23-nji oktýabrda başy başlanan täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy 24-nji oktýabrda dowam etdirilip, paýtagtlylara we köp sanly myhmanlara şatlyk paýlady. Ol ýurdumyzyň baş şäheri bolan Aşgabady ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyş toýlary bilen utgaşyp gitdi. Dabara bu gün hem ýurt Baştutanymyzyň gatnaşmagy we toý baglaryny kesmegi il-halky diýseň begendirdi. Güýz paslynyň ýakymly howasyna göwni göterilen millet Gahryman Arkadagymyzy uly şatlyk-şowhun, aýdym-saz, ter gül desseleri bilen mähirli garşyladylar. Milli Liderimiziň gurduryp beren täze ýaşaýyş jaýlar toplumy paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Hormatly Prezidentimizi mähir bilen garşylan çagajyklaryň goşgy, gazallary bolsa, göýä saýrak bilbilleriň şadyýan sesini ýatladýar. Olaryň labyzly okan goşgularyny diňläp, hormatly Prezidentimiz çagalyk dünýäsiniň täsin we nurana keşbine guwanýar. Soňra bolsa olaryň elinden mähir bilen tutup, göýä röwşen geljege ýol görkezýän ýaly bolup, täze jaýlara tarap deň gadam basýar. Töweregi gallap duran mermer binalar, durmuş maksatly desgalar türkmen ýurdunyň kuwwatly ykdysadyýete eýediginden habar berýär. Gutlag sözlerine, ak alkyşlara beslenen aýdym-sazyň göçgünli owazy bolsa, baýramçylyk ruhuny has-da belende galdyrýar. Her bir aýdymçynyň dilinde eziz Watana, hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza bolan belent söýgi bar. Ähli amatlyklary bolan 72 öýli 12 gatly jaýlaryň 12 sanysy, 48 öýli 12 gatly jaýlaryň 6-sy, söwda merkezleriniň 11 sanysy, umumybilim berýän 600 orunlyk ak mermerli mekdep, 160 çaga niýetlenen döwrebap çagalar bagy milli Liderimiziň halkymyz üçin edýän çäksiz aladalarynyň subutnamasy hökmünde töwerege nur paýlap dur. Desgalara ýanaşyk ýerler hem synlan adamy biparh goýanok. Dynç almak üçin niýetlenen zolaklar, sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, täze ekilen güller we baglar gülgüzar Watanyň döwrebap keşbini berýär. Ýaşaýyş jaýlar toplumynyň atlandyrylyşynda hem döwrüň belent ruhy bar. Olar «Abadan Asuda», «Parahat Watan», «Bagtyýar zaman», «Berk binýatly», «Bilimli Ylymly», «Buýsançly», «Magdanly Mekanly», «Mukamly», «Baky dursun», «Bereketli», «Eziz Diýar», «Ajaýyp Eýýam», «Joşgunly», «Döwletli döwran», «Paýhasly», «Şan şöhratly», «Melhem», «Çeper eller» diýlip atlandyrylypdyr. Bu jaýlaryň içki amatlyklary bilen tanyşmak üçin döwlet Baştutanymyz täze jaý alan maşgalalaryň birine myhmançylyga barýar. 72 we 48 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň her birinde 3-4 otagly kaşaň öýler, giň we ýagty myhmanhana, ähli enjamlar bilen üpjün edilen aşhana we oňaýly ýatylýan otaglar ýerleşdirilipdir. Her bir binanyň ýerasty awtoduralgasy bar. Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlary gözden geçirip, ýoluny dowam edýär. 3 gatly «Şypaly» diýlip atlandyrylan söwda merkeziniň tekjeleri ýurdumyzda öndürilen harytlardan dolup dur. Bu bolçulyk Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ösdürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesi.

Il-halkyň, ýaş nesilleriň milli Liderimiziň çäksiz uly işlerine bolan sagbolsunlary, ýürek buýsançlary döredijilik işlerinde aýdyň ýüze çykýar. Ony biz ýaş skripkaçylaryň çalýan sazlaryndan hem, eli kistli ýaşajyk suratçylaryň görnetin yhlasynda-da, sport lybasly tansçylaryň sazlaşykly hereketlerinden hem görüp bilýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda halkymyzy täze ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly binalar bilen begendiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

"Nesil" gazeti,

26.10.2017ý.

Meňzeş habarlar