21-nji oktýabrda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta böleginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary we guruljak ýerleri bilen tanyşdy we atly gezelenç etdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, ýokary derejeli sportuň ösdürilýän zamany boldy. Bu ugurda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ummasyz tagallasy bütin dünýä äşgär. Aşgabatda ýokary derejede geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň şaýady. Milli Liderimiz sporty ösdürmekde alyp barýan ummasyz işlerini sport bilen içgin gyzyklanmak endigi bilen utgaşdyrýar. Ýurdumyzda atçylyk sportuny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak bolsa, hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns berýän ugry bolup durýar. Halkymyzyň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek, olara tälim bermekde gazanylan netijeleri barha baýlaşdyrmak ýurdumyzda atçylygy ösdürmegiň baş maksady bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň Köpetdagyň eteklerinde atly gezelenji amala aşyrmagy edilýän işleriň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Güýz paslynyň ýakymly howasynda paýtagtymyzyň güýz gözellikleri bilen utgaşýan ajaýyp görküni synlamakda uly lezzet bar. Paýtagtymyzyň günorta böleginde ekilen ummasyz köp bag nahallarynyň talabalaýyk boý alyp ösmegi bu sebitiň ekologiýa taýdan arassalygyny şertlendirýär, şunuň ýaly hem paýtagtlylar üçin sergin seýilgäh zolaklaryny kemala getirýär. Hormatly Prezidentimiz atly gezelenjiniň arasynda saklanyp, özüne garaşyp duran Aşgabat şäheriniň häkimi we Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň «Buig Batiman» kompaniýasynyň Aşgabatdaky wekili bilen duşuşdy. Ýokary depgin bilen ösdürilýän Aşgabatda ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanşyp hormatly Prezidentimiz olar barada öz belliklerini beýan etdi. Şeýle hem taslamada görkezilýän binalaryň guruljak ýerlerini kesgitledi, binalaryň we desgalaryň gurluşygynda daş-töweregiň ekologiki abadançylygyna berilýän ünsüň hem ýokary derejede bolmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz atly gezelenjini dowam edip, paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän şaýoluň ugrunda saklandy we garamagyna hödürlenen taslamalar bilen tanyşdy. Taslamada görkezilen binalaryň guruljak ýerini kesgitländen soň, döwlet Baştutanymyz bu desgalaryň gurluşygynda seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmekligiň esasy wezipe bolup durýanlygyny nygtady. Degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzda dowam edýän gurluşyk işleriniň depginini tizleşdirip, olaryň öz wagtynda ýetişdirilmegi hakynda anyk tabşyryklar berdi. Şonuň ýaly hem paýtagtymyzda guruljak ýene bir täsin desganyň, gündogar halklarynyň edebiýatynda uly yz galdyran Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärliginiň — örän uly ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmekligi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz özüniň atly gezelenjinde Köpetdagyň eteginde ýaýylyp ýatan gök zolagyň her bir künjüne uly gyzyklanma bilen syn etdi. Her ýylda hut hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda müňlerçe nahallary ekmek işiniň ählihalk ýowaryna öwrülmegi, paýtagtlylaryň bu gözellikleri öz elleri bilen döredýändikleriniň şaýadydyr. Bu gök zolagyň bütin ýylyň dowamynda gerekli ideg bilen goralyp saklanmagy ak mermerli Aşgabadyň ekologiýa taýdan arassa şäherleriň hatarynda tanalmagynyň girewi bolmalydyr. Şäheriň içinde köçeleriň ugrunda ajaýyp güýz güllerinden döredilen gözellikler bolsa diňe bir ekologiýa arassalygy bilen çäklenmän, eýsem, paýtagtlylaryň baýramçylyk şatlygynyň hem alamaty bolmalydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň öňýanynda ýurdumyzyň her bir künjeginde baýramçylyk keýpi duýulmalydyr.
“Nesil” gazeti,
24.10.2017ý.