Bagtyýar geljege badalga

 19-njy oktýabrda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde halkymyzyň abadan durmuşyny mundan beýläk-de gülletmegiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelerine garaldy. Mejlisde ilki bilen garalan mesele 2022-nji ýylda ýurdumyzda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bilen bagly boldy. 2015-nji ýylyň 10-njy iýunynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň kabul eden “Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň 2020-nji ýyldaky ýazuwynyň Bütindünýä maksatnamasynyň” kararnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylmaly bu jogapkärli çäräniň guramaçylykly geçirilmegi esasy wezipe bolup durýar. Guramaçylyk meselelerini çözmek, we umumydöwlet işini ugrukdyrmak maksady bilen döwlet toparyny döretmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz bu iri göwrümli çäräniň ilatymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakdaky, döwlet maksatnamalaryny meýilleşdirmekdäki ähmiýetini belläp, statistik maglumatlaryň hususan-da Döwlet býujetini meýilnamalaşdyrmakdaky wajyplygyny nygtady. Ýurdumyzda şäher bilen obanyň ýaşaýyş-durmuş tapawudyny aradan aýyrmak içerki syýasatyň aýratyn möhüm ugry bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda sebitlerde ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meýilleşdirilen maksatnamalaryň mümkingadar tizlikde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bu işiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ösüp gelýän ýaşlar üçin şunuň ýaly mümkinçilikleriň döredilmegi sebitlerde ilat gürlüginiň sazlaşygyny saklamakda we demografiýa meselelerinde oňyn netijeleriň gazanylmagynyň girewi bolar.

Häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrlara eýe bolan oba hojalyk möwsüminiň netijeleri hakyndaky hasabat hem guwandyryjy sanlara eýe boldy. Häzirki güne çenli 735 müň 787 gektar meýdana bugdaý ekilendigi, bu meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ösüş suwuny tutmak, haşal otlara garşy göreşmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy hakyndaky habar häzirki güne çenli Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrylandygy hakyndaky hoş habar bilen utgaşdy. Ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan pagta hasyly kabul ediş bölümlerine hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz ýetirilýär. Zähmet ýeňşini gazanan pagtaçylar bilen bolsa tabşyrylan hasyl üçin öz wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär. Bu habarlary kanagatlanma bilen diňlän döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçylaryny zähmet ýeňişleri bilen gutlady we degişli ýolbaşçylara ekin meýdanlarynda galan hasyly hem yrýa etmän ýygnamaklyk hakynda ýatlatdy. Hormatly Prezidentimiz «ak altyn» adyny alan pagta hasylynyň ýurdumyzyň dokma senagatynda ulanylýan böleginden galanyny Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarmagyň ýerlikli boljakdygyny hem aýratyn nygtady.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenýär. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15- nji nobatdakysynyň çäklerinde bina edilen durmuş-medeni maksatly binalaryň açylyş dabarasy hem baş baýramymyza bagyşlanan şatlykly waka öwrüler. Ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça bina edilen desgalar paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna iň ýokary mümkinçiliklerini hödürleýär. Hormatly Prezidentimiz bu binalaryň açylyş dabarasyna ykjam taýýarlyk görmek hakynda tabşyryklary berdi.

Medeniýet halklaryň dostlugynyň altyn halkasydyr. 10-12-nji noýabrda Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Halkara derejeli medeni çärä ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly topary gatnaşar. Olaryň aglabasynyň ýaşlar bolmagy guwandyryjy hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiz medeniýet we sungat ussatlarynyň golaýlap gelýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görmelidiklerini aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň alyp barýan strategik daşary syýasaty sebitde abadançylygy pugtalandyrmagyň girewi bolup durýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 14-15-nji noýabrda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyny (RECCA VII) geçirmäge görülýän taýýarlyk hem şu maksatdan ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Owganystan döwletini hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýandygyny, şunuň ýaly çäreleriň bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etmelidigi hakynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz gatnaşyjylara ýurdumyzy gülledip ösdürmek bilen bagly alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, mejlisi jemledi.

“Nesil” gazeti,

21.10.2017ý.

Meňzeş habarlar